OGUZ platformasy
Maksadymyz
Türkmen internet dünýäsine (IT) öz goşandymyzy bermek bilen ene dilimiz türkmençäni giňişleýin ulanmak, Watandan uzakda ýaşaýanlara türkmen dilimizi unutdyrmazlyk we internet dünýäsiniň täze sözleriniň türkmen dilimize girizilmegi biziň esasy maksadymyz bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan döwletimiziň ähli taraplaýyn bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň adyny dünýä jar etmek, şol sanda her bir türkmeniň ýüreginde pasyrdaýan ýaşyl baýdagyny has hem beýgetmek we ýitip barýan türkmen däp-dessurlaryny janlandyrmak syýasatlaryna hem bar güýjümiz bilen goşantlarymyzy goşmany özümize borç bilýäris.
Ulanyş Usuly
OGUZ platformasy- Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen ildeşlerimiz bilen aňsat we tiz aragatnaşyk saklamaga kömek berer. Özara gyzykly suratlary, ýatlama wideolary, durmuş pikirleri alyşyp, ömrüňiziň bir bölejegini umumy köpçülikde paýlaşyp bilersiňiz. Bu sosiýal paýlaşym saýtymyzda dostlaryňyz bilen bir nokatda birleşiň. Araňyzy ýyly tutuň, täzelikleriňizi paýlaşyň, gyzykly wagt geçiriň!
Düzüjiler
OGUZ platformasy- Hususy web dizaýn studiosy OGUZ Topary tarapyndan düzülip, doly ulanyşa Mart 8, 2021 senesinde berildi. Saýta degişli bolan ähli logo, grafik şekiller, şol sanda beýleki maglumatlar awtory (OGUZ) hukugyna degişlidir we Creative Commons hukuk şereketine görä ulanylmakdadyr. Biziň bilen habarlaşmak üçin şu ýerik basyp, talap,teklip ýa-da şykaýatlaryňyzy bize bildirip bilerisiňiz.
Düzülişi
OGUZ platformasy- "sha256RSA" algaritm kody bilen goralan "3rd Party Scripts" ulanylyp üstüne goşmaça modullar bilen üpjün edildi. Ähli sazlamalar OGUZ topary tarapyndan ýerine ýetirildi. Saýt dizaýny, ulanylan kontentler hiç hili awtorlyk hukugyna zeper ýetirenok ýa-da kopýalanmagyna sebäp bolmady. Javascript, Ajax tehnalogiýasyny ulanmak bilen saýty has tiz we sadalaşdyryldy. Ortaça sahypa açylma tizligi 4 sekunt, şeýlelik bilen dünýäniň islendik künjeginde, dürli internet tizligi bilen kynçylyksyz ulanyp bolar. Muny has-da tizleşdirmek üçin gün saýyn üstünde sazlamalar geçirilýär.